Dünýäde awtoulaglaryň sanynyň köpelendigine garamazdan, ýol-ulag heläkçiliginiň derejesi peseldi


Dünýäde soňky 13 ýylda ýol-ulag hadysalaryndaky heläkçiligiň derejesi 15 göterim peseldi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatynda mälim edilýär. Bu maglumatlar dünýäniň awtoulag parkynyň geriminiň gitdigiçe giňelýändigine garamazdan, sürüjilik medeniýetiniň ýokarlanandygyny we awtoulaglarda howpsuzlyk tehnologiýalarynyň kämilleşendigini görkezýär.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, 2010-njy ýyldan bäri ýol-ulag hadysalarynda heläk bolanlaryň san derejesiniň 50 göterime golaý azalan ýurtlary bolan Belarus, Daniýa, Ýaponiýa, Norwegiýa, Litwa we Birleşen Arap Emirliklerinde bu işde aýratyn öňegidişlik gazanyldy. 35 töweregi ýurt bolsa bu babatda 30 göterim derejä ýetmegi başardy.
BSGG pyýadalaryň ýol heläkçiliklerinde iň köp ejir çekýän gatlak bolmagyny dowam etdirýändigini, olardan soň motosikl sürüjileriniň, welosiped we skuter sürýänleriň gelýändigini aýdýar.
Uly şäherlerde ýol hereketini goldaýan çäreler üçin 1,5 milliard dollar töweregi hemaýatkärlik serişdesi sarp edildi.
ORIENT news








