

BAE-niň iri telekommunikasiýa kompaniýasy 4 günlük iş hepdeligine geçýär
Kompaniýa eýýäm gibrid görnüşde işleri ýöretmek usulyny peýdalanýar. Onda işgärler hepdede iki gün uzak aralykdan işleýärler.


Kompaniýa eýýäm gibrid görnüşde işleri ýöretmek usulyny peýdalanýar. Onda işgärler hepdede iki gün uzak aralykdan işleýärler.


Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza hukuk derejesini almak boýunça borçnamalary baradaky ähtnamany tassyklamak işini tamamlady diýip, РИА новости habar berýär.


12-nji dekabra çenli dowam etjek bütindünýä forumyna dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan döwlet we Hökümet Baştutanlary, alymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň görnükli wekilleri gatnaşýarlar.


Ýakyn wagtda Özbegistanyň ähli 11 halkara howa menzillerinde syýahatçylar üçin tax free ulgamy ornaşdyrylar. Bu barada Uzbegistan airports açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Bişkekdäki Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy we diplomatik wekilhananyň işgärleri, talyplar, mugallymlar we GMU-niň wekilleri gatnaşdylar.


Daşarky bazarda Ukraina döwletiniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet konserninden "B" kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar.


Bu barada Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde mälim edildi.


Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanylar. Şeýle hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary dörediler.


Bellenişi ýaly, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.


Penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


100-e golaý türk kompaniýasy 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisine, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyna gatnaşar.


5-nji dekabrdan başlap Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk söwdasy we hyzmatlary badalga alar.


2023-nji ýylyň 29–30-njy noýabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.


30-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň ýanyndaky Gennadiý Udowenko adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi.