HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýa Aýa Arş gämisini gonduran 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär

Ýanwar 03, 2024 | 21:16 |6682
Hindistan Aýyň üstünden Arş gämisini gonduran 4-nji ýurt hökmünde özüni ykrar etdirenden birnäçe aý geçeninden soň, Ýaponiýa hem bu babatda ýakyn wagtda 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär.Hindistan Aýyň üstünden Arş gämisini gonduran 4-nji ýurt hökmünde özüni ykrar etdirenden birnäçe aý geçeninden soň, Ýaponiýa hem bu babatda ýakyn wagtda 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär.
Çeşme: ISAS/JAXA

Hindistan Aýyň üstünden Arş gämisini gonduran 4-nji ýurt hökmünde özüni ykrar etdirenden birnäçe aý geçeninden soň, Ýaponiýa hem bu babatda ýakyn wagtda 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär.

Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi – “JAXA” soňky 30 ýylyň içinde birnäçe täsirli kosmos üstünliklerini gazandy. Şolaryň hatarynda ýapon agentliginiň “Rýugu” asteroidinden gaýdyp gelmek missiýasyny ozal hiç bir ýurt synanyşyp görmedi.

25-nji dekabrda Aýdaky barlaglar üçin intellektual gonuş moduly (SLIM) Aýyň orbitasyna girensoň, “JAXA” ony 20-nji ýanwarda Aýyň üstüne gondurmaga taýýarlar.

Eger-de, ýokarda görkezilen senede gondurmak işi üstünlikli bolmadyk ýagdaýynda, muňa 16-njy fewralda hem synanyşyp görmek meýilleşdirilýär.

“SLIM-iň maksady” 100 metrden hem az takyklyk bilen arassa gonuşy amala aşyrmakdan ybaratdyr. Bu synanyşyk üstünlikli ýerine ýetirilen ýagdaýynda aerokosmos pudagynda uly öňegidişlik gazanylar.

“JAXA” agentliginiň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu missiýa Aýa uçuşlary amala aşyrmak üçin gonuş tehnologiýalaryny synagdan geçirmäge gönükdirilendir.

Kosmos gämisi kuwwatly “XRISM” rentgen teleskopy bilen bilelikde 7-nji sentýabrda Ýerden Aýa tarap uçdy. Bu teleskop Ýeriň orbitasynda galdyryldy.

Bellenişine görä, bu missiýa üstünlikli tamamlanandan soň, adamlar Aýyň islendik ýerinde gonmaga mümkinçilik alarlar. Mundan ozal, kosmos enjamyny Aý üstünde gondurmak üçin amatly ýerler gözlenilýärdi.

Bu missiýa üstünlikli ýerine ýetirilenden soň, Ýaponiýa Hytaýdan, Hindistandan, Sowet Soýuzyndan we ABŞ-dan soň Aýa gonan bäşinji ýurt bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026