HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylda Russiýanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy çap edildi

Ýanwar 02, 2024 | 17:55 |6154
Russiýanyň Hökümeti ýurduň 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny çap etdi.Russiýanyň Hökümeti ýurduň 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny çap etdi.
Çeşme: ria.ru

Russiýanyň Hökümeti ýurduň 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny çap etdi.

Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Russiýanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guramany has-da güýçlendirmek we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak maksat ediniler.

Şeýle hem Russiýa, integrasiýa birleşigi we beýleki halkara gurluşlar we gyzyklanýan taraplar bilen Arkalaşygyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagalla eder.

Şu nukdaýnazardan, Ýewraziýa ykdysady bileleşigi, Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp hasaplanylýar.

Russiýa söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy gowulandyrmaga - erkin söwda zolagyny ösdürmäge, zähmet işjeňligini höweslendirmäge aýratyn üns bermegi meýilleşdirýär.

Russiýanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň döwründe energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, energiýa çeşmelerinden we halkara söwda üçin mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga, GDA agza ýurtlaryň ýangyç we energiýa toplumynyň pudaklarynyň ylmy we tehnologiki ösüşini üpjün etmäge aýratyn üns berler.

Medeni-ynsanperwer ulgamda rus dilini milletara aragatnaşyk dili hökmünde goramak, goldamak we ösdürmek üçin GDA ýurtlary bilen bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde işler dowam etdiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026