

Türkmenistanda hereket edýän saýtlaryň sany 1 müňe golaýlady
«Türkmendomen» Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda döredilip, hasaba alnan web-saýtlaryň jemi sanynyň 901 bolandygyny «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde ORIENT-e gürrüň berildi.


«Türkmendomen» Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda döredilip, hasaba alnan web-saýtlaryň jemi sanynyň 901 bolandygyny «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde ORIENT-e gürrüň berildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni irden Astana bardy. Gazagystanyň paýtagtynyň halkara howa menzilinde türkmen döwletiniň Baştutanyny Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow garşylady. Bu barada ýurduň premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.


Astanada Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) sammitinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edendigini ýatladyp, CICA ýurtlaryny bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.


Çarşenbe güni, 12-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsi ulanmaga berlip, ozal ulanylýan şeýle desgalaryň hataryna goşuldy. Desga Gurbangala we Zähmet stansiýalarynyň arasynda polat ýolunyň 4270-nji we 4271-nji kilometrliginiň böleginde guruldy.


Çarşenbe güni, 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $12,4 million bolan 16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türgen Dawid Melkumow Türkmenistanda görlüp-eşidilmedik rekord goýdy, has takygy, pälwan lokomotiwi üç metre golaý aralyga çekip süýşürdi. Bu üstünlik dünýädäki şuňa meňzeş rekordlaryň yzynyň özboluşly dowamy boldy: dürli ýurtlardan bolan pälwanlar çekýän ýüküniň göwrümi babatda bolşy ýaly, ony süýşürmek başardan aralygy boýunça-da bäsleşýärler.


Demirýol ulaglary iri senagat merkezleriniň arabaglanyşygyny we halkhojalygy toplumynyň çalt hereketlenmesini üpjün etmek bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm rol oýnaýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu hepde Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Astana amala aşyrýan saparynyň dowamynda premýer-ministriň kanselýariýa ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky Singapuryň wekiliýeti bilen duşuşdy.


Yslam ösüş banky satyn almagyň täze konsepsiýasyny has netijeli ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatyny geçirdi.


“XXI asyryň Aziýanyň asyry boljakdygy baradaky çaklama häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Aziýa jemi içerki önüm (JIÖ) we satyn alyjylyk ukyby boýunça dünýäniň ykrar edilen ykdysady liderine öwrüldi. Bu barada şu gün, 13-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI sammitiniň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy” – diýip, EAdaily ýazýar.


Beýik Britaniýanyň şasy Karl III täç geýdirme dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda bolar. Dabaraly çäre onuň ejesi Ýelizaweta II aradan çykan wagtyndan sekiz aý töweregi soň geçiriler. Sişenbe güni Bukingem köşgüniň metbugat gullugynyň habarynda: – “Monarha täç geýdirme dabarasy Westminster abbatlygynda, däp bolşy ýaly, arhiýepiskop Kenterberiýskiý tarapyndan geçiriler.


2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda, ABŞ-nyň Aşgabatdaky Puşkin köçesindäki ilçihanasy 9-njy binada auksion geçirýär. Söwda sagat 09:00-da başlar we 12:00-dan öň tamamlanar.


Hytaýyň elektrik ulagy öndürijisi Xpeng tarapyndan döredilen uçýan awtoulag Birleşen Arap Emirliklerinde ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy we bu kompaniýa häzirki wagtda halkara bazaryna şeýle ulaglaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak ugrunda işleýär.


Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça anketalary kabul edip başlady. 5 hepdelik maksatnama 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlar. Anketalary tabşyrmgyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry.


12-nji oktýabrda Astanada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň başlyklyk etmeginde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.