

Türkmen wiolonçelçisi "Glier güýzünde" “Saz bäsleşiginiň laureaty” diýen ada mynasyp boldy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aýlar Annamyradowa R.M.Glier adyndaky “Glieriň güýzi” atly VI Halkara saz bäsleşiginiň laureaty boldy. Bu bäsleşik Moskwada her ýyl dünýäniň iň zehinli ýaş sazandalarynyň arasynda onlaýn görnüşde geçirilýär we ýerine ýetirijileriň arasynda ýeňiş gazanmak üçin meşhur kompozitorlaryň repertuaryndan saýlanan eserleri ýerine ýetirmeli. Bu eserleriň juda çylşyrymly kompozisiýalardygyny aýtmalydyrys.





















