Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Özbegistanyň işewürlero türkmen antifrizini satyn almaga gyzyklanma bildirdiler

Dekabr 13, 2022 | 02:32 |9368
Özbek telekeçileri antifriz öndürýän «Begenç» türkmen hususy kärhanasy bilen önümi Özbegistana eksport etmek barada gepleşikleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy habar berýär.Özbek telekeçileri antifriz öndürýän «Begenç» türkmen hususy kärhanasy bilen önümi Özbegistana eksport etmek barada gepleşikleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme:

Özbek telekeçileri antifriz öndürýän «Begenç» türkmen hususy kärhanasy bilen önümi Özbegistana eksport etmek barada gepleşikleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy habar berýär.

Antifriz pes temperaturalarda doňmaýan suwuklyk bolup awtomobil önümçiliginde hem-de ulag serişdelerini dolandyryjylar tarapyndan ulanylýar. Türkmen hususy kärhanasy isleg bildirilýän bu önümi 2018-nji ýyldan bäri öndürýär we onuň önümçiliginde ýerli hem-de daşary ýurt çig malyny peýdalanaýar.

Suwuklyk 1, 3, 5, 20 we 230 kg. göwrümli gaplara gaplanylýar. «Garjagaz» we «Atlantik» söwda nyşanlary astynda öndürilýän türkmen antifrizi diňe bir awtoulaglar üçin däl, eýsem nebitgaz senagatynda hem ulanylýar.

“Begenç” HK Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýär. Önümçilik bölümi Hytaýyň we Eýranyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr hem-de bir gije-gündizde 150 tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçlik berýär.

Doňmaýan suwuklygyň önümçiliginden başga-da, “Ak guw” söwda nyşany astynda kärhana ýuwujy, agardyjy serişdleri, suwuk sabyn we saç ýuwujy, şeýle hem zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýär diýlip, TSTB-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026