Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Halkara bitaraplyk güni: taryhy, ähmiýeti we bu sene Türkmenistanda nähili bellenildi

Dekabr 13, 2022 | 03:48 |54948
Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi.Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi.
Çeşme:

Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi.

Halkara bitaraplyk güni ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklara, dünýädäki iri çaknyşyklaryň öňüni almaga we dartgynly ýagdaýlary basmaga çagyryşdyr.

Bitarap ýurduň borçlary we hukuklary 1907-nji ýyldaky Gaaga konwensiýasynda kesgitlenendir. Halkara hukugynda beýleki ýurtlar bilen ýa-da olaryň arasynda uruşlara gatnaşmakdan saklanýan we uruşýan taraplara bitarap garaýan özygtyýarly döwlet bitarap ýurt hökmünde kesgitlenýär. Uruşýanlar hem öz gezeginde bu bitaraplyga hormat goýmalydyrlar.

Türkmenistan ýaly hemişelik bitaraplyk ýagdaýynda bolan ýurt geljekki uruşlarda hem şeýle galar. 1815-nji ýylda hemişelik bitaraplyk derejesini yglan eden ilkinji ýurt Şweýsariýa boldy we netijede ençeme ýyl bäri müňlerçe bosgun bu ýurtda özlerine gaçybatalga tapdy. Emma Türkmenistan BMG tarapyndan bitarap diýlip ykrar edilen ýeke-täk döwletdir.

BMG Baş Assambleýasy (BA) 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri BMG tarapyndan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan tarapyndan girizilen 71/275 belgili Rezolýusiýany kabul etdi, onda parahatçylygy gorap saklamak bilen durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň arasyndaky baglanyşyk bellenip geçilýär. Şeýle-de, BMG Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. BA-nyň ýokarda agzalan Rezolýusiýasy öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmek we olary araçylykda ulanmak üçin BMG-nyň Baş sekretarynyň bitarap döwletler bilen ýakyndan işleşmegi teklip edýär. BMG Tertipnamasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, agza döwletler halkara dawalaryny parahatçylykly ýollar bilen çözmäge we gatnaşyklarynda howp salmakdan ýa-da güýç ulanmakdan saklanmaga borçly bolansoň, bitaraplyk BMG üçin has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär we dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýär.

Bitaraplyk dürli ýollar bilen ykrar edilýär we käwagt resmi kepilligi öz içine alýar. Mysal üçin, Awstriýanyň bitaraplygy ony ozal basyp alan ýurtlaryň dördüsi bilen kepillendirilýär, Şweýsariýanyň bitaraplygy Wena kongresine gol çeken ýurtlar tarapyndan, Finlýandiýanyň bitaraplygy bolsa sowuk uruş döwründe Sowet Soýuzy tarapyndan kepillendirýär. Ykrar etmegiň görnüşi üýtgäp biler we ol ikitaraplaýyn şertnama (Finlýandiýa), köptaraplaýyn şertnama (Awstriýa) ýa-da BMG jarnamasy (Türkmenistan) görnüşinde bolup biler.

Parahatçylykly we howpsuz ösüş düşünjesi Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan forumlarda we çärelerde öwrenilýär we ara alnyp maslahatlaşylýar. Planetamyzda bolup geçýän häzirki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, şeýle gepleşikleriň öňküden-de zerurdygy öz-özünden düşnüklidir.

Aşgabatda Bitaraplyk gününiň esasy wakalarynyň biri köp ýurtlardan wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat boldy. Mundan başga-da, türkmen paýtagtynda V Merkezi Aziýa bilermenler forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýallar dialogynyň her ýil geçirilýän mejlisi, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 12-nji duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşygyň çäginde Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen ýaşlarynyň arasynda dördünji dialog geçirildi. Sebitiň bäş ýurduna wekilçilik edýän BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň gatnaşyjylary sebitiň geljegi baradaky pikirleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem, 20-den gowrak ýurdy öz içine alýan Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitarap dostlar toparynyň ilkinji ministrler duşuşygyny we şanly senäniň öňüsyrasynda, ýagny 6-njy dekabrda BMG Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde halkara dialog ýyly” diýip yglan etmek üçin Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen rezolýusiýany kabul edenligini bellemelidiris.

Baýramçylyk güni, 12-nji dekabrda dabaralar irden Bitaraplyk binasynyň ýanyndaky gül goýuşlyk dabarasy geçirilen meýdançada başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ol watandaşlaryny gutlap, bitaraplygyň türkmen modelini "bütin dünýä üçin görelde alarlyk" diýip atlandyrdy we köp ýyllaryň dowamynda "ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli görnüşlerini we ugurlaryny döretmekde gymmatly tejribe toplandygyny" aýtdy we Türkmenistanyň mundan beýläk-de planetanyň halklary we döwletleri bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegini dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem, şu günler döwlet baştutany beýleki ýurtlaryň Aşgabat şäherine gelen ýokary derejeli ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi. Ýekşenbe güni Serdar Berdimuhamedow «Polimeks Inşaat» türk kompaniýasynyň başlygy Erol Tabanja we Russiýanyň “Wozrojdenie” holdinginiň başlygy Igor Bukato bilen duşuşdy, duşenbe güni bolsa Özbegistanyň prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň hökümet agzalary, işewür toparlary derejesinde hem gepleşikler tapgyry geçirildi, sebäbi daşary ýurt wekiliýetleriniň baýramçylyk saparlary özara gatnaşyklar meselesini ýüzbe-ýüz ara alyp maslahatlaşmaga sebäp boldy.

Baýramçyly dabaralary beýleki ýurtlardan gelen myhmanlaryň gatnaşan Mukamlar köşgündäki gala konserti bilen tamamlandy. Konsert maksatnamasynyň köp medeniýetli dürlüligi Halkara Bitaraplyk gününiň ruhuna laýyk geldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026