HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat parahatçylyga degişli halkara diologyny öňe sürdi: bitaraplyk ösüşiň guraly hökmünde

Dekabr 12, 2022 | 18:13 |13709
Ýekşenbe güni Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Biatarplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň DIM-i we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan esasan göni gatnaşmak arkaly çykyş etjek degişli adamlaryň şol pursatda menzilara goşulmak mümkinçiligi bilen guraldy.Ýekşenbe güni Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Biatarplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň DIM-i we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan esasan göni gatnaşmak arkaly çykyş etjek degişli adamlaryň şol pursatda menzilara goşulmak mümkinçiligi bilen guraldy.
Çeşme:

Ýekşenbe güni Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Biatarplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň DIM-i we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan esasan göni gatnaşmak arkaly çykyş etjek degişli adamlaryň şol pursatda menzilara goşulmak mümkinçiligi bilen guraldy.

1-1.jpg

Forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň 2023-nji ýyly “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde” halkara ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kararnamanyň kabul edilen wagtyna gabat geldi, muňa maslahata gatnaşyjylar hem ünsi çekdiler. Aşgabat maslahatyna halkara we sebit guramalarynyň, BMG-na agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, abraýly jemgyýetçilik we syýasy işgärleri, halkara bilermenler çagyryldylar.

2-1.jpg

Çärä gatnaşyjylara Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adhan Gebreýesus, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň baş direktory Tatýana Walowaýa, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň baş direktory Antonio Witorino, Gyzyl Haj halkara komitetiniň prezidenti Mirýan Spolýariç Egger, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Çžan Min, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Husraw Noziri we beýleki halkara düzümleriniň ýolbaşçylary wideo arkaly ýüzlenmelerini iberdiler.

3-1.jpg

Şeýle hem umumy mejlisde Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Kubanyçek Omuraliýew we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala çykyş etdiler.

Halkara maslahaty degişli bölümçeler boýunça dowam edip, şolarda “Dialog dawalaryň öňüni almagyň esasy hökmünde”, “Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak” hem-de “Maglumat giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklaryny ýola goýmakda maglumatlar ulgamynyň eýeleýän orny” ýaly meselelere garaldy. Şu meseleler boýunça maslahatlarda milli we halkara bilermenler, şol sanda BMG-niň agentliklerine wekilçilik edýän bilermenler pikirlerini aýtdylar.

4.jpg

Mundan başga-da, forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolarda hökümet hem-de pudak edaralarynyň derejelerinde, şeýle hem telekeçilik ugry boýunça özara hereket etmegiň ugurlary anyklaşdyryldy.

Your browser does not support HTML5 video.

Hususan-da, Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa we Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Nafari bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

5-1.jpg

Türkmenistanyň hökümetiniň beýleki agzalary hem, şol sanda obasenagat we daşky gurşawy goramak, maliýe-ykdysady, bilim we medeniýet ugurlary boýunça halkara guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Merkezi Aziýa boýunça Azyk we oba hojalyk guramasynyň sebitdäki utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster býurosynyň direktory Golda Eli Huri hem-de BMG-niň bölümleriniň beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklar geçirildi.

ORIENT news
Foto ORIENT, wideo - Süleýman Çaryýew

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026