Ekologiýa boýunça birinji açyk Halkara internet olimpiadasyna dünýäniň 15 ýurdundan talyplar gatnaşdylar


Aşgabatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ekologiýa boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Uniwersitet onlaýn ýagdaýda geçirilen bäsleşigiň guramaçysy hökmünde çykyş etdi.

Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan - Azerbaýjadann, Belarussiýadan, Wengriýadan, Gazagystandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan, Ýaponiýadan we başga-da birnäçe döwletlerden, jemi ÝOM-niň 40-ysyndan 150 talyp gatnaşdy.
Türkmenistana ýurduň 24 ÝOM-den ýüzden gowrak talyp wekilçilik etdi. Taslamalara we talyplaryň bilim derejesine halkara eminler topary baha berdi. 90-dan gowrak talyp olimpiadanyň ýeňijisi boldy we olaryň iň güýçlülerinden 16-sy birinji orna mynasyp boldy.

Ýeňijileriň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary bar.

Russiýanyň iki uniwersitetiniň: Permiň milli derňew politehniki uniwersitetiniň we W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, Tenaganyň (Malaýziýa) milli uniwersitetiniň, Wengriýanyň iki döwlet uniwersitetiniň – Debresen we Peç uniwersitetleriniň talyplary, şeýle-de Türkiýäniň Uşak döwlet uniwersitetiniň talyplary öňdäki orunlary eýelediler.
Ikinji we üçünji orunlara 77 talyp mynasyp boldy.
ORIENT news








