HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçysy Bogotada geçýän dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy

Dekabr 13, 2022 | 01:17 |13302
Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg. netije görkezip,  kümüş medal gazandy. Şeýle hem ol itekläp götermekde kiçi altyn medala we birden götermekde  kiçi kümüş medala mynasyp boldy.Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg. netije görkezip,  kümüş medal gazandy. Şeýle hem ol itekläp götermekde kiçi altyn medala we birden götermekde  kiçi kümüş medala mynasyp boldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg. netije görkezip, kümüş medal gazandy. Şeýle hem ol itekläp götermekde kiçi altyn medala we birden götermekde kiçi kümüş medala mynasyp boldy.

1 (1).jpg

Rejepowyň öz tälimçisi – Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Artur Emirýan.

1 (2).jpg

Rejepbaý agyr atletika bilen Daşoguz welaýatynda meşgullanyp başlady. 2017-nji ýylda ABŞ-da geçen dünýä çempionatynda hem türkmen türgeni 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça kümüş medal gazanypdy.

2021-nji ýylyň aprelinde Daşkentde bolan Aziýa çempionatynda 89 kg. çenli agram derejesinde Rejepbaý 341 kg. netije bilen jemleýji üçünji orny eýele di we bürünç baýragyň eýesi boldy.

Bogotada Rejepbaý hormat münberini Hytaýdan Li Daýin (altyn) we Günorta Koreýadan Kim Wu Çže (bürünç) bilen paýlaşdy.

2 (2).jpg

Agyr atletika boýunça 87-nji dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 5-16-njy dekabry aralygynda geçýär. Ony Hytaýyň Çunsine welaýatynda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne ol Hytaýda COVID-19-a garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň netijesinde 2022-nji ýylyň martynda üýtgedildi. Kolumbiýa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär. Çäre Fransiýanyň paýtagty Parişde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna seçip alyş ýaryşydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026