McDonald’s däl, ýöne... “Wkusno – i toçka” GDA-nyň bazarlaryna girmegi maksat edinýär


Tiz gabranmagyň rus kärhanalar toplumy bolan “Wkusno – i toçka” franşizany satmagyň we öz brendini McDonald’s-yň bolmadyk ýerlerindäki GDA ýurtlarynyň, beýleki daşary ýurtlaryň täze bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada TASS-a kärhananyň baş direktory Olek Paroýew habar berdi.
“McDonald’s-yň ýok ýurtlary barada aýdylanda, biz oňa garamaga kanagatlanma bilen taýýardyrys. Gürrüň hususan-da, Özbegistan hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlary – Ermenistan, Gyrgyzystan we beýlekiler barada barýar” diýip, Paroýew aýtdy. Ol “Wkusno – i toçka”-nyň “McDonald’s-yň bolmadyk uzakdaky daşary ýurtlara hem girip biljekdigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi. Jemgyýetçilik iýmitiniň we tiz gabranmagyň şeýle iri bazarlarynyň biri Eýran bolup biler – diýip, Paroýew nygtady.
Ol şeýle hem täze bazarlara çykmagynyň öň ýany, rus kärhanasy 2023-nji ýylyň dowamynda üznüksiz ibermeleri ýola goýmak, logistikany guramak hem-de beýleki möhüm guramaçylyk meseleleri çözmek bilen meşgullanar.
Baş direktor “McDonald’s korporasiýasy bilen şertnama laýyklykda, “Wkusno – i toçka” rus kärhanasynyň “McDonald’s-yň bolan ýerlerinde işläp bilmeýändigini düşündirdi. 2021-nji ýyl üçin ýyllyk hasabatynyň maglumatlaryna görä, amerikanyň bistro brendi dünýäniň 119 ýurdunda işleýär.
Maglumat üçin: “Wkusno – i toçka” Russiýada tiz hyzmat ediş kärhanalaryň öňdebaryjy toplumy bolup, RF-niň 63 künjeginde iş alyp barýar. Kompaniýa tutuş ýurt boýunça kärhanalarynyň işini yzygiderli täzeden dikeldýär. Häzirki wagtda “McDonald’s-yň toplumyna giren 850 nokatdan eýýäm toplumyň 840-dan gowrak nokady açyldy.
ORIENT news








