Ärdoganyň Türkmenistana sapry 13-nji dekabrda başlanýar.


Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň sammitine gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda Türkmenistanda bolar. Bu baradaky habar duşenbe güni agşam türk lideriniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
“Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň hem-de Türkiýäniň prezidentiniň gatnaşmagynda çarşenbe güni 14-nji dekabrda Awazada geçiriljek Sammitde üç dost-doganlyk ýurduň hyzmatdaşlygy, hususan-da, söwdada, energetikada we ulag ulgamynda has-da giňeltmek üçin görülmeli zurur çäreler ara alnyp maslahatlaşylar” diýlip, metbugat üçin habarda aýdylýar.
“Sammit mynasybetli dürli ylalaşyklara gol çekiler, şol resminamalar ýokarda agzalan ulgamlarda hyzmataşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrar” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Şeýle hem sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler diýip, türk prezidentiniň metbugat gullygy beýanatynyň üstüni ýetirdi.
Ozal Ärdogan Awazada geçiriljek sammitda öz ýurdunyň çäklerinde gaz paýlaýjy iri merkezi döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýändigini aýdypdy.
Ýakynda 11-nji dekabrda RF-niň prezidenti Wladimir Putiniň Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar beýleki meseleleriň hatarynda bilelikdäki energetika taslamalaryna, ilkinji nobatda, gaz pudagyndaky taslamalara aýratyn ähmiýet berdiler.
“Stambulda “Gazprom” AGPJ-niň müdirýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen ýakynda bolan gepleşikleriň netijeleri nazara alnyp, Türkiýäniň çäklerinde sebitleýin gaz paýlaýjy merkezi döretmek boýunça pikir alyşmalar dowam etdirildi” diýlip, Kremlin.ru saýtynda habar berilýär.
Şeýle hem 12-nji dekabrda Putin telefon boýunça Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewe jaň etdi. Bu baradaky meňzeş habarlar iki döwletiň baştutanlarynyň saýtlarynda bar.
ORIENT news








