

Türkmenistan demir magdanynyň ýerli ýataklaryny özleşdirmek boýunça halkara tender geçirer
Türkmenistan ýurduň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatyndaky “Çagyl” ýatagynda demir magdan gorlaryna baha bermek üçin maslahat beriş kompaniýasyny saýlamak boýunça halkara tender geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada anna güni türkmen hökümetiniň mejlisinde wise-premýer Çarymyrat Pürçekow Prezidente habar berdi.
















