

Türkmen futbolçysy Litwanyň kluby bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň futbol çempionatynyň A ligasynda çykyş edýän «Žalgiris» kluby bilen şertnama baglaşdy.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň futbol çempionatynyň A ligasynda çykyş edýän «Žalgiris» kluby bilen şertnama baglaşdy.


Türki döwletleriň guramasynyň sammiti 16-njy martda Türkiýede geçiriler. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto bilen geçiren bilelikdäki metbugat maslahatynyň dowamynda aýtdy.


«PSŽ» toparynyň argentinaly hüjümçisi «Marsel» komandasy bilen geçirilen oýnuň 29-njy minudynda klublarda çykyş edýän tutuş döwründe 700-nji pökgini geçirip, hasaby 2:0 getirdi.


Hytaý resmi taýdan «Bütindünýä howpsuzlygy boýunça Konseptual resminamany»çap etdi - diýip, China daily habar berýär.


Aprel aýynda Ýaponiýa sanly iýenanyň ulanylyşyny synag etmek üçin taslama -pilot programmasyna badalga berer – diýip, ýurduň Merkezi bankyna salgylanyp, Japan Today habar berýär.


Elektronika dünýäsi dükany köne kir ýuwujylary gaýtadan işlemek üçin alyp, täzesini 2 müň manat arzanladyş bilen satyn almak boýunça aksiýany dowam etdirýär.


Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň baş direktory Ýoahim Tumfart geljekde russiýaly türgenleriň jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligini aradan aýyrmady.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň dzýudoçysy Hakberdi Jumaýew dzýudo boýunça 25-26-njy fewralda Warşawada (Polşa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda (European Open) 60 kg çenli agramdaçykyş edip, bürünç medal gazandy.


Nokia täze logotip (söwda nyşanyny) goşup, brendiň ýüzüni üýtgetmek baradaky meýilleri barada yglan etdi, sebäbi kompaniýa ösmege üns bermegi we diňe bir smartfonlary öndüriji bolman, eýsem işewürlik üçin tehnologiýalary üpjün ediji bolmak isleýär. Brendi üýtgetmek 60 ýyldan soň ilkinji gezek bolup geçer. Bu barada baş direktor Pekka Lundmark özüniň Reutersagentligine beren söhbetdeşliginde mälim etdi.


Eýranyň özboluşly we tebigy baýlyklary bolan Mazenderan welaýaty Gazagystanyň ýaşaýjylary üçin syýahatçylyk ugry bolmak mümkinçiliklerine eýedir. Bu barada ýekşenbe güni Gazagystanyň Mangistau oblastynyň häkiminiň orunbasary Kanat Kuljanow Mazenderan welaýatynyň häkiminiň orunbasary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi baradaky meselelere bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça aýtdy.


Fewral aýynyň bu hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.


Şu ýyl Eýran hasaby boýunça ýylyň (2022-nji ýylyň 21-nji marty – 2023-nji ýylyň 19-njy fewraly) ilkinji 11 aýynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda demirýol arkaly 300 000 tonna ýük daşaldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57% köpdür diýip, IRNA habar berýär.


"Asyryň tebigy betbagtçylygy" diýlip atlandyrylan Kahramanmaraşdaky ýer titremesinden ejir çekenlere Türkmenistandan ýene 130 sany düşek (matras) ugradyldy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-nyň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.