Kuzbasda “Aziýanyň çagalary” atly ikinji gyşky Halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy


“Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy şenbe güni Kuzbasda (Russiýa) geçirildi. Abraýly ýaryşa Aziýa ýurtlarynyň 12-sinden hem-de Russiýanyň sekiz sebitinden türgenleriň 867-si gatnaşýarlar. Ýaryş günlerinde ýaş türgenler sportuň 19 görnüşinde medallar toplumynyň 19-sy ugrunda bäsleşerler diýip, TASS habar berýär.
“Aziýanyň çagalary” 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda geçirilýär. Ýaryşlary Kemerowo, Nowokuznesk, Meždureçensk we Taştagolskiý etraplary kabul edýär. RF-niň prezidenti Wladimir Putin halkara ýaryşyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda sport oýunlarynyň sport oýunlarynyň iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigini hem-de sportuň, döredijiligiň we dostlukly gatnaşyklaryň hakyky baýramyna öwrüljekdigini belledi.
Ol öz çäklerinde Russiýanyň dürli sebitlerinden hem-de Aziýanyň birnäçe ýurtlaryndan zehinli, başarjaň çagalary bir ýere jemleýän çagalar-ýetginjekler sporty ulgamynda gyzykly we üstünlikli taslamalaryň biridigini nygtady. Şu ýyl bu abraýly ýaryşlary ýola goýlan sport däpleri, owadanlygy hem-de sibir tebigatynyň güýji, ýaşaýjylarynyň göwnaçyklygy we myhmansöýerligi bilen mynasyp şöhratlanýan Kuzbass kabul edýär diýlip, gutlagda aýdylýar.
“Aziýa oýunlaryna” Türkmenistan hem gatnaşar. Türgenler ýurda sportuň iki görnüşinde – figuralaýyn typmakda we şort-trekde wekilçilik eder.
ORIENT news








