Habarlar

Özbegistanda ilkinji gezek siam ekizlerini aýyrmak operasiýasy geçirildiÖzbegistanda ilkinji gezek siam ekizlerini aýyrmak operasiýasy geçirildi

Özbegistanda ilkinji gezek siam ekizlerini aýyrmak operasiýasy geçirildi

Özbegistanda ilkinji gezek siýam ekizlerini aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirildi. Gyrgyzystanly bäş aýlyk ekizleriň ene-atasy Daşkentdäki Respublikan perinatal merkezinde neonatal hirurgiýa üçin okuw-bejeriş-usulyýet merkezine ýüz tutdular, bu ýerde özbek hirurglary çylşyrymly lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirdiler - diýip, ýurduň Saglyk ministrliginiň Telegram kanaly habar berýär.

Türkmenistan “Russiýa – Yslam dünýäsi” ykdysady forumyna gatnaşmaga çakylyk aldyTürkmenistan “Russiýa – Yslam dünýäsi” ykdysady forumyna gatnaşmaga çakylyk aldy

Türkmenistan “Russiýa – Yslam dünýäsi” ykdysady forumyna gatnaşmaga çakylyk aldy

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 18-23-nji maýy aralygynda Kazanda geçiriljek “Russiýa – Yslam dünýäsi” Halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Türkmenistany abraýly çärä Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko çagyrdy, ol RF-niň türkmen-rus ykdysady forumyna gatnaşýan wekiliýetiniň düzüminde Aşgabatda bolýar.

Tatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýarTatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýar

Tatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýar

Şeýle maglumatlar penşenbe güni Aşgabatda Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda mälim edildi. Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarstanyň bilim we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň geljeginiň ulydygyny belläp, ony döwlet derejesine çykarmagyň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek bellenildi. Maslahata ýurdumyzyň welaýatlaryndan gatnaşjak wekiller şu gün paýtagtymyz Aşgabada geldiler.