HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri “Aziýanyň çagalary” gyşky oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Fewral 25, 2023 | 22:30 |10066
Türkmenistanyň topary “Aziýanyň çagalary2023” II Gyşky oýunlaryň Kemerowodaky (Russiýa) Kuzbass buz köşgünde geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşdy.Türkmenistanyň topary “Aziýanyň çagalary2023” II Gyşky oýunlaryň Kemerowodaky (Russiýa) Kuzbass buz köşgünde geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çeşme: Телеканал «Матч ТВ»

Türkmenistanyň topary “Aziýanyň çagalary2023” II Gyşky oýunlaryň Kemerowodaky (Russiýa) Kuzbass buz köşgünde geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Oýunlara gatnaşyjylaryň ýörişinde toparlar öz ýurtlaryň atlarynyň baş harplaryna laýyklykda, elipbiý tertibinde buz köşgüniň meýdançasyna girdiler. Ýöriş Ermenistanyň wekiliýetiniň başda durmagynda başlandy.

Türkmenistanyň wekiliýeti, 10 türgen bilen birlikde, jemi 17 adamdan ybarat. Açylyş dabarasynda ýurduň Döwlet baýdagyny sportuň woleýbolyň garda oýnalýan görnüşi boýunça wekili Furkat Şaripow göterdi.

Çäräniň dowamynda wokal we horeografiki çykyşlar görkezildi, figuralaýyn typmak boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony Ýewgeniý Plýuşşenkonyň we Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Aleksandra Trusowanyň ajaýyp çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

"Aziýanyň çagalary" gyş oýunlary Kuzbassda 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda geçiriler. Bäsleşige 12 ýurtdan we Russiýanyň 8 sebitinden gelen ýaş türgenler gatnaşýar.

Bu ýaryşlara Türkmenistan üç ugur boýunça - figuralaýyn typmak, gysga aralyga ylgaw we gar woleýboly boýunça gatnaşýar.

Artur PETROSYANS.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026