HYYweÖU-nyň iki talyby Seuluň Hanýang Uniwersitetine okamaga gider


Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) taryhynda ilkinji gezek iki talyp – Gurbandurdy Gurbandurdyýew hem-de Medine Muhammedowa talyp alyşmalary maksatnamasy boýunça Hanýang Uniwersitetine (Günorta Koreýa) okamaga giderler.
HYYweÖU-nyň zehinli talyplary ýeňişlerini saýlama ýaryşyna gatnaşan türkmen uniwersitetleriniň we institutlarynyň iň oňat 60 talybynyň arasynda geçirilen bäsleşikde gazandylar. Eýýäm, şu ýylyň 2-nji martynda olar Seulda Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegi dowam ederler hem-de Hanýang Uniwersitetine kabul edilerler. Olar bir akademiki ýyl okarlar.
Talyplary alyşmagyň maksatnamasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Hanýang Uniwersitetiniň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň çäklerinde hereket edýär.
Hanýang – hususy ylmy-barlag uniwersiteti bolup, 1939-njy ýylda ýurduň paýtagty Seulda esaslandyryldy. Häzir ýokary okuw mekdebi Koreýa Respublikasynyň iň abraýly okuwlarynyň biri bolup durýar hem-de QS halkara reýtinginiň düzgüni boýunça dünýäniň iň oňat uniwersitetleriniň ilkinji 160-synyň, şeýle hem THE uniwersitetleriň garaşsyz reýtinginiň ilkinji 70-liginiň düzümine girýär.
Şeýle hem Koreýanyň ýokary okuw mekdebi sungatda we ynsanperwer ylymlarda, inženeriýada we tehnologiýalarda, lukmançylyk-biologiýa ylymlarynda, tebigy ylymlarda, durmuş ylymlarynda we menejmentde iň oňatlaryň hatarynda durýar. Bu ýerde talyplaryň 20 müňden gowragy bilim alyp, şolaryň 3,5 müňden gowragy daşary ýurtly talyplardyr.
ORIENT news








