

Kaka etrabynda täze suw göteriji beket gurlar
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw göteriji beket gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw göteriji beket gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda sekuntda 2,13 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw bekedi gurlar. “Ýaşyldepe” diýlip atlandyryljak täze suw göteriji beketde suwy eltiji, göteriji, paýlaýjy turbageçirijiler we elektrik hereketlendirijiler oturdylar.


Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda hödürlenjek birnäçe halkara başlangyçlaryny taýýarlaýar.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Merkezi Aziýa ýurtlaryna hukuk goraýjy edaralaryň hünärlerini güýçlendirmekde kömek bermek üçin LEICA (Merkezi Aziýada hukuk goraýjy) taslamasynyň direktory Genael Le Breton bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Şeýle hem, wideokonferensiýa Taslamanyň sebit direktory Giorgi Beridze goşuldy.


Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistana ýörite fitosanitar enjamlar toplumynyň 25-sini gowşurdy. Bu barada Maksatnamanyň degişli resmi saýtynda mälim edilýär.


Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejebow Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň wekilleriniň Owganystan boýunça geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň ilçihanasy habar berýär.


Izmir we Bodrum MICHELIN gidiniň gözegçileriniň dykgatly ünsünde bolan iki täze türk çägi hökmünde Stambula goşulýarlar.


Penşenbe güni Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri tarapyndan konsullyk geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Grow This: West Virginia Garden Challenge” taslamasyna gatnaşyjy, ýurduň Kleý şäheriniň ýaşaýjysy Şerri Uiwer Günbatar Wirjiniýa ştatynyň Morgantaun şäheriniň ýaşaýjylary bilen iň uly ekologiýa sapagyny geçirip, bu boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär. Bu ekologiýa sapagy taryhda bagçylyk boýunça iň ulusy bolar diýip, “WDTV” teleýaýlymy habar berýär.


Aşgabat şäheriniň Döwletmämmet Azady köçesiniň S.Türkmenbaşy şaýoly we A.S.Puşkin köçesi bilen kesişýän çatryklarynda düýpli abadanlaşdyryş işleri geçiriler. Degişli işleri amala aşyrmak üçin gerek bolan gurluşyk serişdelerini we enjamlary satyn almak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.


Türkmenistan we Özbegistan gümrük edaralarynyň harytlar we ulag serişdeleri barada öňünden habardar edilmegi babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.


Ýerleriň zaýalanmagynyň bitaraplygy — Türkmenistandaky BMGÖM-nyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Nemes jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde geçiren seminarynyň esasy temasy boldy.


Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça Tbiliside (Gruziýa) geçýän çärä gatnaşýar.


«Bir guşak, bir ýol» halkara ýaşlar forumy 26-njy iýulda (HHR) Gansu welaýatynyň Lunnan şäherinde geçirildi. Sammite Hytaýdan we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan 100 töweregi ýaşlar gatnaşdy. Gurultaýda Türkmenistana Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow wekilçilik etdi diýip, China Daily habar berýär.


Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitine taýýarlyk we ony geçirmek meselesi şu gün üç ýurduň daşary işler ministrleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.