Gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylara okuw geçildi


21-31-nji awgusty aralygynda gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen, sanly ulgamyň serişdeleriniň ähli mümkinçilikleriniň doly döredilen ýeri bolan, Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ýörite okuw çäresi geçirilýär. Bu barada Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Bu ýörite okuw çäresi Gullugyň düzüminde jogapkär wezipelere harby gullukçylary köpugurly taýýarlamak, täze kabul edilýän kanunçylyk namalary çuňňur düşündirmek hem-de raýatlara edilýän hyzmatyň hil derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrylmaly işleri düşündirmek maksady bilen guralýar.
Ýörite tassyklanan meýilnama esasynda geçirilýän okuw sapaklary halypa gümrük işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Bu okuw çäresiniň dowamynda geçirilýän sapaklar türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň syýasy ähmiýeti, kanunçylyk-hukuk özgertmeleri, Döwlet gümrük gullugynyň işiniň esasy ýörelgeleri, «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti, Gümrük edaralarynda iş dolandyryşy guramak, Daşary ykdysady geleşik we olaryň görnüşleri, Gümrük edaralaryna tölenýän gümrük tölegleriniň we salgytlaryň degişliligi boýunça hasaplara geçirilişi ýaly ýene-de ençeme ugurlary öz içine alýar.
Şeýle okuw çäreleriniň geljekde gümrük edaralarynda ýolbaşçy wezipelere ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen geçirilmegi, olaryň hünär taýdan kämil, ukyp-başarnyklarynyň we hukuk sowatlylygynyň has-da ýokary bolmagyna özüniň oňyn täsirlerini ýetirer.
ORIENT news








