HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Özbegistan tebigy gazy ibermek boýunça täze şertnama baglaşmaga ylalaşdylar

Awgust 25, 2023 | 09:03 |6700
25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilýändigine üns çekildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň dowamynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar diýip, turkmenistan.gov.tm habar berýär.

Şu ýyl geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň köp ugurlar boýunça dünýä döwletlerine, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlara ibermek işini işjeňleşdirmek barada hem aýratyn durlup geçildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek barada täze şertnama baglaşmaga ylalaşdylar.

Şol gün Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bilen hem duşuşygy geçirildi. Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026