HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Milli Lider: türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarda geljegi bar

Awgust 25, 2023 | 00:47 |6662
Penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.Penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.
Çeşme: tv.online.tm

Penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, giň gerimli üýtgeşmeleriň bolup geçýän türkmeniň paýtagtynda bolup görýändigine şatdygyny belledi.

Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşurdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady.

Фото 2.jpg

Türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi we ýakyndygy hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge we pugtalandyrmaga oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

Ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge özara goldaw we hemaýat bermäge uly esas bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin palestin tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanyldy.

Taraplar nebithimiýa we dokma senagatynda, oba hojalygy, azyk harytlarynyň önümçiligi we gaýtadan işlenmgi, sanly tehnologiýalar pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge islegini beýän etdiler. Şeýle hem, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026