HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-njy mejlisine gatnaşýar

Awgust 22, 2023 | 18:16 |7544
21-22-nji awgustda bolsa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar.21-22-nji awgustda bolsa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar.
Çeşme: mfa.gov.tm

7 - 31-nji awgust aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiň 110-njy mejlisi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

21-22-nji awgustda bolsa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar.

Mejlisiň birinji gününiň dowamynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly birnäçe meseleler öňe sürüldi.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşlarynyň dowamynda türkmen jemgyýetinde syýasy, ykdysady, hukuk we medeni-durmuş ugurlary boýunça bar bolan oňyn üýtgeşmeler barada giňişleýin maglumatlary berdi.

Şeýle hem, çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapynyň jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygy we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek, jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak ugrunda degişli işleri alyp barýandygy barada bellenilip geçildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň ýörelgelerinden, Durban Jarnamasyndan hem-de Hereketleriň Maksatnamasyndan ugur alýandygy bellenildi. Milli derejede bu ýörelgeler kanunçylygy kämilleşdirmekde hem, hukuk goraýjy tejribäni durmuşa geçirmekde hem goldanýar we göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026