Habarlar

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýärMalaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy, hyzmatlar, inženerçilik we tehnologiýalar ulgamynda işleýän kompaniýalar üçin giň gerimli täjirçilik mümkinçiliklerini açmagy maksat edinýär. Bu barada Malaýziýanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Akmal Nasrulla Mohd Nasir Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde mälim etdi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşiInfrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Aşgabatda “OGT-2026” sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde geçirilen forumda gatnaşyjylaryň ünsüni türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri özüne çekdi. Işewürlik maksatnamasynyň esasy pursatlarynyň biri CNPC “International Ltd.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Du Ýuýminiň çykyş etmegi boldy

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara forum geçirilýärAşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara forum geçirilýär

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara forum geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan giň gerimli sergi 75 döwletden 1700-den gowrak wekiliýeti, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy 130-dan gowrak energetika kompaniýasyny, degişli ministrliklerini we maliýe institutlaryny bir ýere jemledi