HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Oktýabr 15, 2026 | 18:23 |1510
2027-nji ýylyň 3–5-nji iýunynda Stambul şäherindäki TÜYAP sergi merkezinde kosmetika, gözellik senagaty we parfýumeriýa boýunça «Beauty Istanbul» atly VIII halkara sergisi geçiriler2027-nji ýylyň 3–5-nji iýunynda Stambul şäherindäki TÜYAP sergi merkezinde kosmetika, gözellik senagaty we parfýumeriýa boýunça «Beauty Istanbul» atly VIII halkara sergisi geçiriler
Çeşme: beauty-istanbul.com

2027 - nji ýylyň 3–5-nji iýunynda Stambul şäherindäki TÜYAP sergi merkezinde kosmetika, gözellik senagaty we parfýumeriýa boýunça «Beauty Istanbul» atly VIII halkara sergisi geçiriler. Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Söwda boýunça wekilhanasynyň habar bermegine görä, giň gerimli halkara foruma türkmen telekeçileri, öndürijiler we distribýutorlar gatnaşmaga çagyrylýar.

2028 - «Beauty Istanbul» dünýäniň iň iri bäş kosmetika sergisiniň hataryna girýär we halkara hünär gatnaşyklary üçin iň giň gerimli meýdançalaryň biri hökmünde öz ornuny saklaýar. 2027-nji ýylda sergide 65 ýurtdan 1400-den gowrak kompaniýanyň, şeýle hem 167 döwletden professional alyjylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen işewürleri üçin bu çärä gatnaşmak halkara bazaryna çykmak, ygtybarly üpjün edijileri tapmak we özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin giň mümkinçilikleri açar. Sergide kosmetika önümleri, parfýumeriýa, derä we bedene ideg etmek üçin serişdeler, dellekhanalaryň hyzmatlary, öý hojalygynda ulanylýan himiki serişdeler, çig mal, innowasion gaplama önümleri, şeýle hem hususy söwda belgileri bilen öndürilýän harytlar giňden görkeziler.

Serginiň netijeliligi öňki ýyllaryň görkezijileri bilen hem tassyklanýar. Geçen ýyllarda bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 26,5 müňden gowrak alyjylar we bilermenler baryp gördi.

Gatnaşyjylar üçin giňişleýin maglumat we hasaba alyş görnüşi serginiň resmi web sahypasynda elýeterlidir: beauty-istanbul.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026