Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi BSG-a goşulyşmaga taýýarlyk görmek boýunça AÖB-niň bilermenleri bilen işleri utgaşdyrýar


Aşgabatda Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň integrasiýa we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Asad Alimiň ýolbaşçylygyndaky missiýanyň iş sapary başlandy. Gepleşikleri geçirmek we bilermenleriň ulgamlaýyn dialogyny guramak üçin esasy meýdança hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çykyş edýär. Bu ministrlik ýurduň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulyşmak işini utgaşdyrýan esasy döwlet edarasy bolup durýar.
24-nji oktýabra çenli dowam etjek duşuşyklaryň dowamynda ministrligiň hünärmenleri Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň wekilleri bilen bilelikde institusional özgertmeleriň ilerledilişini jikme-jik ara alyp maslahatlaşarlar. Esasy üns Daşary söwda düzgünleri hakyndaky Ähtnamany taýýarlamaga, BSG-niň standartlaryna laýyklykda degişli hukuk namalaryny işläp düzmäge, şeýle hem AÖB-niň we Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň çäklerinde tehniki goldaw bermegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdiriler.

Iş maksatnamasynyň çäklerinde hususy pudagy goldamak meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň howandarlygynda 21–22-nji oktýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda türkmen telekeçileri üçin ýöriteleşdirilen amaly okuw maslahaty geçiriler. Ýerli işewür toparlaryň wekilleri BSG-niň iş mehanizmleri, halkara söwdanyň esasy talaplary we söwda standartlarynyň sazlaşdyrylmagy netijesinde açylýan täze eksport mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.









