

Bilermen: Koreýa – Merkezi Aziýa sammiti serhetüsti ykdysadyýete geçişe badalga bermelidir
Sentýabr aýynda geçiriljek taryhda birinji “Koreýa – Merkezi Aziýa” sammiti dialoga gatnaşyjylaryň öňünde soragy goýýar: sebit hyzmatdaşlygy däp bolan diplomatiýanyň çäginden çykyp, bitewi ykdysady ekoulgama öwrülip bilermi? Gazagystanly syýasy bilermen Aýdar Kurmaşew “Global Asia” neşiri üçin taýýarlan seljerme makalasynda “Merkezi Aziýa +” görnüşiniň ösüşine pragmatik garaýyş beýan edip, bilelikdäki daşary syýasatyň üstünlikleri bilen sebitiň içindäki ykdysadyýetiň dagynyklygynyň arasyndaky tapawuda ünsi çekýär




















