HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ýurtlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisinde suw serişdelerinden peýdalanmagyň möçberlerini tassykladylar

Oktýabr 09, 2026 | 18:27 |2935
7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň (DUSHT) 95-nji mejlisi geçirildi7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň (DUSHT) 95-nji mejlisi geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň (DUSHT) 95-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistan tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.M.Genjiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlise DUSHT-nyň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministri N.M.Nuržigitow, Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalygy ministri Ş.R.Hamraýew gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasyndan mejlise D.A.Abdurazokzoda gatnaşdy. Şeýle hem «Amyderýa» howdan suw hojalyk birleşiginiň, «Syrderýa» howdan suw hojalyk birleşiginiň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň esasy amaly netijesi hökmünde suw serişdeleriniň paýlanyşy we 2026–2027-nji ýyllaryň ösümlikleriň ösüş döwri aralygynda Amyderýa we Syrderýa suw howdanlarynyň kaskadlarynyň işiniň çaklanylýan tertiplerini tassyklaýan teswirnama gol çekildi.

Geçen ösümlikleriň ösüş döwrüniň netijelerini jemlemek bilen, toparyň agzalary edaralaryň arasyndaky ýakyn utgaşdyrmagyň netijesinde oba hojalyk ýerlerini zerur möçberde suw bilen doly üpjün etmegiň we sebitiň ekoulgamlaryny gorap saklamagyň başardandygyny bellediler.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşyk sebitde suw diplomatiýasynyň özgerýändigini aýdyň görkezdi: taraplar derýalaryň akymyny möwsümleýin paýlamakdan suwuň takyk sanly hasaba alnyşyna esaslanýan «ynam infrastrukturasyny» döretmäge geçýärler. «Amyderýa» we «Syrderýa» suw howdanlarynyň suw hojalyk birleşikleriniň gidrologik gözegçilik nokatlaryny awtomatlaşdyrmak hem-de häzirki zaman ölçeg ulgamlaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu işlere Bütindünýä bankynyň 20 million ABŞ dollary möçberinde grant maliýeleşdirmesi bilen goldanylýan CAWEC taslamasy ýardam berýär. Taslama suwuň hasaba alnyşyny sanlylaşdyrmaga we serhetüsti infrastruktura boýunça bilelikdäki taslamalary taýýarlamaga gönükdirilendir.

Derýalaryň suw akymynyň ýitgilerini azaltmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi. Gatnaşyjylar esasy kollektorlary täzeden gurmak, damjalaýyn suwaryş usulyny giň gerimde ornaşdyrmak we suwaryş akabalaryny betonlamak ýaly bilelikdäki taslamalaryň oňyn netijelerini bellediler.

Sebit ýurtlarynyň çäklerinde suwy tygşytlamak boýunça alnyp barylýan işleriň umumy derýa howdanlaryna düşýän agramy azaldýandygy we Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşykda yglan edilen Merkezi Aziýada suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amaly hereketleriň onýyllygyny (2026–2036-njy ýyllar) durmuşa geçirmek üçin berk binýady döredýändigi nygtaldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

18:42 Oktýabr 09, 2026
Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

18:41 Oktýabr 09, 2026