Habarlar

Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildiTürkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň taryhy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şeýle çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şeherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň jemleýji jarnamasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen birlikde, agza ýurtlaryň edaralarynyň ýolbaşçylary gol çekdiler.

Türkmentel-2022 sergisinde “Sanly çözgüt” tehniki-startaplara degişli bäsleşigiň netijeleri jemlenerTürkmentel-2022 sergisinde “Sanly çözgüt” tehniki-startaplara degişli bäsleşigiň netijeleri jemlener

Türkmentel-2022 sergisinde “Sanly çözgüt” tehniki-startaplara degişli bäsleşigiň netijeleri jemlener

Aşgabatda 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilip, ol tehnologik kompaniýalar bilen birlikde, akademiki toparlaryň wekillerini, bazaryň bilermenlerini hem-de işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär.