

Donald Lu: Türkmenistan – durnuklylyk ýurdy
Ýekşenbe güni Aşgabatda metbugat üçin beren beýanatynda “Türkmenistan – Merkezi Aziýada durnuklylyk ýurdy” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi aýtdy.


Ýekşenbe güni Aşgabatda metbugat üçin beren beýanatynda “Türkmenistan – Merkezi Aziýada durnuklylyk ýurdy” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi aýtdy.


Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk toplumynda infrastruktura we jemgyýetçilik taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol sanda, Aşgabat Halkara howa menzilinde täze angar toplumy gurulýar, Jebelde täze howa menziliniň we Serhetabat-Turgundi türkmen-owgan demir ýol şahasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda torunda harytlaryň üpjünçiligine gözegçilik etmegi, gyş möwsüminiň başlanmagy bilen we baýramçylygyň öňýaýnynda bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almagy buýurdy.


Prezidentiň görkezmesine laýyklykda, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň üstünde işlenildi we bu barada anna güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.


Bakuda BMG-nyň Ýewropa boýunça ykdysady topary (UNECE) bilen BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP) bilelikdäki nobatdaky mejlisi geçirilýär, ol Demirgazyk we Merkezi Aziýa sebitinde demirýollaryň sanly transformasiýasyny çaltlaşdyrmaga bagyşlanandyr.


Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň “Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesini gowşurdy. Baýrak gowşurylyş dabarasy penşenbe güni Kremlde Russiýanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bolan duşuşygynda bolup geçdi – diýip, kremlin.ru habar berýär.


Duşenbe güni Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu hepdäniň ahyrynda Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň gün tertibini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň başlygynyň resmi web saýtynda habar berilýär.


Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindenTürkmenistana uçmak üçin resmileşdirilen mahalyPZR-testiniň barlagyny tabşyrmak aňsatlaşdyryldy. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýa Federasiýasyndakybaş wekili öz resmi saýtynda habar berýär.


Türkmenistanyň döwlet serhet we gümrük gullugynyň wekilleri Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaklyga goldaw bermek (BOMCA - 10) Maksatnamasynyň çäklerinde kinologik düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça okuw seminaryny geçirdi. Bu barada ÝB-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


ÝUNISEF Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine jemi bahasy 600 müň ABŞ-nyň dollary bolan 250 müň sany COVID-19 anyklaýyş ekspres-testlerini gowşurdy. Bu barada bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi Instagram sahypasynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirlikleri Ahal we Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlaryň ýarmarkasyny geçirer. Bu barada edaranyň resmi web saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy özüniň ylmy-barlag institutlary we tor ulgamlaryna niýetlenen täze barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak barada tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu bildiriş şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.


Parnik gazlarynyň we toplanan ýylylygyň barha artýan konsentrasiýalary soňky 8 ýylyň iň yssy döwür bolup biljekdigini görkezýär.


Russiýanyň uniwersitetleri 2023/2024-nji okuw ýyly üçin kbul etmegiň täze düzgünlerini çap etdiler. “Moslentanyň” habar berşi ýaly, esasy üýtgetmeler resminamalary tabşyryp boljak hünärleriň hem-de ugurlaryň sanyna degişli boldy – ozal dalaşgär arzalaryň ona çenlisini berip bilýärdi, indi olaryň sany bäşe çenli azaldyldy.


Şenbe güni, 5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan geçen köpçülikleýin bag ekme çäresine gatnaşdy. Döwlet Baştutany Aşgabadyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň äpet ýadygärliginiň töwereginde döredilýän giň gerimli tokaý zolagynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag ekilmegine badalga berdi.