

Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri durnukly depgini saklaýar
Ýylyň geçen 10 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,2% derejesinde saklanýar. Şu döwürde ýurtda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 60-dan gowragy ulanylmaga berildi.


Ýylyň geçen 10 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,2% derejesinde saklanýar. Şu döwürde ýurtda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 60-dan gowragy ulanylmaga berildi.


“Bu sarilerde we perdelerde, utanjaň gözleriň gizläp, sen dessine elýetmez hem ýüz esse gizlin bolduň” – meşhur hindi ýazyjysy we şahyry Rabindranat Tagoryň bu şygyr setirleri “Hindi sarisini geýinmek” atly owadan bäsleşigiň baş mazmuny bolup biler. Bäsleşige gatnaşmaga gyzlar çagyrylýar.


Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Jemgyýetler Müdirligi (YTB) tarapyndan jemgyýetçilik, medeni we bilim taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar ýakyn geografiýada ýerleşýän garyndaş halklardaky adam kapitalynyň ösdürülmegine gönükdirilen.


Türkmenistanyň «Ulag-logistika merkezi» (TULM) «RŽD Logistika» we Gazagystanyň «KTZ Express» multimodal kompaniýasy «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we ulag infrastrukturasyny bilelikde ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Bu barada Russiýanyň kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň web sahypasynda berilýan habara laýyklykda, beýan edilen talaplara laýyk gelýän daşary ýurt we öz ýurdumyzyň ulaglary şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap, Türkmenistanyň serhet barlag-goýberiş nokatlarynyň käbirinden peýdalanyp, ýurduň çägine girip we onuň çäginden çykyp hem-de üstaşyr geçip bilerler.


“Reuters” habar gullugynyň neşirine görä, ABŞ-nyň“Pfizer” we Germaniýanyň “BioNTech SE” derman öndüriji kompaniýalarynyň alymlary COVID-19 we dümewe garşy birleşdirilen sanjymy synagdan geçirip başladylar.


Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti Aşgabatda Ýewropa ýurtlarynyň we guramalarynyň Türkmenistan bilen bilelikde bilim pudagynda özara gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi, bu ýerde soňkywagtlardaky hyzmatdaşlygyň netijeleri, geljekki meýilnamalar we bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.


Daşkentde “Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2022” atly 18-nji Halkara sergisi geçirilýär. Sergide CASCA+ multimodal ulag geçelgesiniň ugry aýratyn stend hökmünde görkezildi.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklygynda wideomaslahat görnüşinde GDA gatnaşyjy döwletleriň palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň şanly XХ, mejlisi geçirildi.


Türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň tarapdary bolup çykyş etmek bilen, ony hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edilýändigini belledi.


Türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen duşuşykda türkmen-rus bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi – diýip, TDH gullugy habar berýär.


China Daily habar gullugynyň habarlaryna görä, dünýä metbugatynyň wekilleri we sosial ulgamlardaky meşhur habarçylar, Zhejiang welaýatynyň innowasion üstünlikleri bilen tanyş edýän “Hytaý bilen duşuşyk” atly halkara metbugat syýahatyna gatnaşýarlar.


Çarşenbe güni, 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 934 ABŞ-nyň dollaryna we 7,4 million türkmen manadyna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Wadaýko” ýapon depleri barada olaryň Ýaponiýa hakynda we elbetde, bu ýurduň halkynyň häsiýeti, taryhy hem-de medeniýeti barada gürrüň berip bilýändigini aýdýarlar. Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýeten täsin saz guralynyň owazy diňleýjilerde ruhubelentlik oýaryp, iň ajaýyp duýgulary döredip bilýär.


Daşkentde çäreleriň tapgyry bilen Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy bellenilýär. Oňa gatnaşmak üçin ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana geldi.