Parahatlygyň ýaş buşlukçylary ikinji doglan gününi belleýärler


Diplomat bolmak isleýän ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik ikinji doglan gününi belleýär. Bu intellektual oýnuň täze möwsüminiň ilkinji gatnaşyjylary 22-nji noýabrda oýnuň dogduk mekany – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda bat alar.
Ýokarda agzalan ÝOM we onuň ýanyndaky Ýaş diplomatyň mekdebi tarapyndan esaslandyrylan we gurnalýan bu bäsleşik diňe bir orta mekdep okuwçylarynyň arasynda däl, eýsem, türkmen telewideniýesinde aň-paýhas ýaryşyna tomaşa edýän uly ýaşlylaryň hem söýgüsine mynasyp boldy.
Bu ýylky bäsleşikde basdaşlyk diýseň ýokary boldy – bir ýere bäş sany okuwçy dalaşgärlik etdi. Üç ýüzden gowrak dalaşgäriň arasyndan 64 gatnaşyjy saýlama tapgyrynyň seçgi eleginden geçmegi başardy.
Seçginiň nähili geçirilendigi, kime parahatlygyň ýaş buşlukçylary bolmak nesip edendigi we täze möwsümde olara nämeleriň garaşýandygy barada ORIENT täzelikleriň ýekşenbe günki sanynda habar berer.
ORIENT news








