Türkmenistan howpsuzlyk boýunça Stambul maslahatyna gatnaşdy
Noýabr 06, 2022 | 17:22 |6452


Şu hepde Stambulda “Howpsuzlygyň ýagdaýy: dilemma, ýakynlaşmak, görnüşler we Aziýa” meselä bagyşlanan halakara maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistandan DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda Türkmenistan sebit derejesinde bolşy ýaly, geografik gerim boýunça has giň möçberlerde-de ýurduň diplomatik işiniň strategik ugruny işläp taýýarlamak babatda garaýşyny, ýörelgelerini hem-de çemeleşmelerini beýan etdi.

Stambul maslahatynyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk boýunça forum, Aziýanyň ekoulgamy we howa, aerokosmiki pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça mejlisler we beýlekiler geçirildi.

ORIENT news








