Kazandan Türkmenistana uçmak üçin PZR-testini tabşyrmagyň düzgünleri üýtgedi


Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindenTürkmenistana uçmak üçin resmileşdirilen mahalyPZR-testiniň barlagyny tabşyrmak aňsatlaşdyryldy. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýa Federasiýasyndakybaş wekili öz resmi saýtynda habar berýär.
Indi COVID-19 testini islän lukmançylyk edarasynda tabşyryp bolýar, mundan öň bu testi Türkmenistana uçmazdan ozal, bir gün öňünden diňe Kazan şäheriniňRespublikan kliniki hassahanasynda tabşyryp bolýardy.
Uçara münülen wagtynda, PZR testiniň möhleti 48 sagatdan geçmeli däl – diýlip, bildirişde aýdylýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdede iki gezek Kazan – Türkmenabat howa gatnawyny ýerine ýetirýär – ýekşenbeden duşenbä geçilýän gije we penşenbe güni gündiz. Howa gatnawlaryň tertibi üýtgäp biler.
ORIENT news
Surat: cg04342.tmweb.ru








