Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy täze barlaghana enjamlaryny satyn alar


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy özüniň ylmy-barlag institutlary we tor ulgamlaryna niýetlenen täze barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak barada tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu bildiriş şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine birnäçe iri ylmy-barlag institutlary we Tehnologiýalar merkezi girýär. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky bilim beriji edara bolup, ol häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendir.
Tender-bäsleşigine gatnaşmak üçin arza 4-nji noýabrdan başlap 20 iş gününiň dowamynda tabşyrylmalydyr. Bäsleşigiň şertleri baradaky has giňişleýin maglumaty Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 15, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy salgysy boýunça alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 94-30-70 , 94-10-77.
ORIENT news
Surat: centralasia.news








