Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew TDG-nyň sammitiniň gün tertibini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar


Duşenbe güni Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu hepdäniň ahyrynda Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň gün tertibini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň başlygynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Söhbetdeşler türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine garadylar.
Özbegistanyň lideriniň şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäginde bolup geçen wakalaryň we ýokary derejeli duşuşyklaryň oňyn netijelerine ýokary baha beren taraplar, gazanylan we gol çekilen şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini we munuň ýurtlaryň arasyndaky parlamentara işjeň gatnaşyklaryň dowamydygyny bellediler.
Sentýabr aýynyň başynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türki döwletleriň guramasynyň Samarkantda geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň bu guramanyň doly agzasy boljakdygyny belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan TDG-nyň sammitlerine synçy döwlet hökmünde gatnaşýar.
ORIENT news
Surat: uz.sputniknews.ru








