ÝUNISEF Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 250 müň sany COVID-19 anyklaýyş ekspres-testlerini gowşurdy
Noýabr 07, 2022 | 14:45 |3629


ÝUNISEF Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine jemi bahasy 600 müň ABŞ-nyň dollary bolan 250 müň sany COVID-19 anyklaýyş ekspres-testlerini gowşurdy. Bu barada bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi Instagram sahypasynda habar berilýär.
Ekspres-testler beýleki anyklaýyş serişdeleri bilen birlikde ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak çärelerini güýçlendirmeklige gönükdirilendir.
ORIENT news
Surat: instagram.com / @unicef_turkmenistan








