

Putin Türkmenistany “Russiýanyň strategiki hyzmatdaşy” diýip atlandyrdy
Moskwada Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri – Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň gepleşikleri başlandy.


Moskwada Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri – Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň gepleşikleri başlandy.


Russiýa bilen Türkmenistan aragatnaşyk we sanly ulgam pudagynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar, degişli ähtnama gol çekildi.


“Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir” diýip, Serdar Berdimuhamedow Kremlde Wladimir Putin bilen duşuşygynda nygtady.


Hepdäniň penşenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy – diýip, ýurduň resmi metbugaty ýazýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Kremlde Wladimir Putin bilen geçýän duşuşykda russiýalylaryň ählisini Russiýanyň güni bilen gutlady hem-de RF-iň baştutanyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.


Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugy (Rospotrebnadzor) Türkmenistana maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin test-ulgamyny berer hem-de maslahat bermekde ýardam eder diýip, Gullugyň metbugat-gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.


Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň wise-gubernatory hem-de hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri Astrahan oblasty (RF) bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky doganlaşan şäherler hakynda ylalaşyga, bilim ulgamyndaky ylalaşyga gol çekilmeginden ybarat boldy.


Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky resminamalary gol çekmäge taýýarlaýarlar. Resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna boljak ilkinji resmi saparynyň dowamynda gol çekiler – diýip, Russiýa Federasiýasynyň habarynda bellenilýär.


2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Nur-Sultan şäherinde daşary işler ministrleriniň “Hytaý-Merkezi Aziýa” görnüşinde üçünji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda “Hytaý+Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” özara baglanyşygy we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyç” kabul edildi.


Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa resmi sapary başlandy. Şonuň çäklerinde RF-niň baştutany Wladimir Putin bilen gepleşikler geçiriler diýip, türkmen KHBS-leri ýazýarlar.


Kervan Logistics® kompaniýasy 5 ýyl mundan öň – 2017-nji ýylda döredildi. Şu günki günde Kervan Logistics®-da logistika, gümrük, metrologiýa we önümi sertifikatlaşdyrma ýaly ugurlarda baý tejribesi bolan ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýär.


Çarşenbe güni, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda türkiýeli telekeçi 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Aşgabat-Kazan ugry boýunça howa arkaly yzygiderli gatnawlary 19-njy iýundan täzeden goýbermek meýilleşdirilýär. Munuň şeýledigine Kazan şäheriniň Halkara howa menziliniň saýtynda ýerleşdirilen gatnawlaryň tertibi şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutany Wladimir Putin bilen 10-njy iýunda Moskwada duşuşar.


Pakistanyň Moskwadaky ilçisi Şafkat Ali Han ýurdunyň “Pakistan akymy” taslamasyna ygrarlydygyny we häzir döwletleriň ýolbaşçy adamlarynyň arasynda hukuk baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.