Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ahal we Lebap welaýatynda boş iş orunlaryň ýarmarkasyny geçirer


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirlikleri Ahal we Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlaryň ýarmarkasyny geçirer. Bu barada edaranyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Bu çärelere diňe işe ýerleşmek isleýän raýatlar däl-de, eýsem boş iş orunlaryny hödürläp biljek kärhanalaryň, guramalaryň we hususy kärhanalaryň wekilleri hem gatnaşyp bilerler.
Lebap welaýatynda çäre 22-nji noýabrda sagat 11:00-dan 13:00 aralykda aşakdaky salgy boýunça geçiriler: Dänew etraby, Parahat obasy, M. Saburow köçesiniň 11 jaýy.
Ahal welaýatynda çäre 11-nji noýabrda sagat 10:00-dan 12:00 aralykda aşakdaky salgy boýunça geçiriler: Tejen etraby, Tejen etrabynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölümi (Magtymguly köç., jaý 35).
Işe ýerleşmek isleýänler öz ýanlary bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamalary, bilim hakynda resminamasy we zähmet depderçesi (eger bar bolsa) bolmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
– (800446) 3-19-49 (Lebap welaýaty);
– (800135) 4-86-19 (Ahal welaýaty).
ORIENT news
Surat: pulse.mail.ru








