Samsung
ulag
25.11.2022 00:47
836
Dünýäniň syýasy giňişliginde özbaşdak düzüm hömünde Türki döwletleriň guramasynyň peýda bolmagy taryhy ähmiýete eýedir, onuň täsirli halkara düzümine öwrülmegine bolsa öňe tarap uly ymtylyş hökmünde baha berilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew “TDG-niň Samarkant sammiti: esasy netijeler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
21.11.2022 16:29
1137
Merkezi Aziýa sebitinde asfaltlanan ýollaryň uzynlygy soňky 20 ýylda 24,5 müň km artdy. Iň uly öňegidişligi ýol gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylýan ýurtlary – Türkmenistan bilen Özbegistanda bellemek bolar" – diýlip, Ýewraziýa Ösüş Bankynyň "Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti: täze garaýyş” atly dokladynda aýdylýar.
10.11.2022 18:10
879
Söwdanyň ösüşi, gümrük we ulag hyzmatlary bilen baglanyşykly amallary ýönekeýleşdirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly meseleler Türki döwletleriň guramasynyň 11-nji noýabrda Samarkandda geçiriljek sammitiniň esasy mowzuklaryndan biri bolar.
07.11.2022 19:45
1188
Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk toplumynda infrastruktura we jemgyýetçilik taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol sanda, Aşgabat Halkara howa menzilinde täze angar toplumy gurulýar, Jebelde täze howa menziliniň we Serhetabat-Turgundi türkmen-owgan demir ýol şahasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.
04.11.2022 20:35
1046
Daşkentde “Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2022” atly 18-nji Halkara sergisi geçirilýär. Sergide CASCA+ multimodal ulag geçelgesiniň ugry aýratyn stend hökmünde görkezildi.
16.10.2022 17:12
2145
Astanadaky türkmen-gazak gepleşiklerinde ulag-üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda berilýän habara görä, taraplar Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly güýjünde ulanylmagy üçin bilelikdäki çäreleri görmek barada ylalaşdylar.
26.09.2022 17:28
1035
“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralary geçirildi.
26.09.2022 01:56
1658
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Döwlet geňeşiniň mejlisinde: "Biz ulag we aragatnaşyk pudagyna halk hojalygynyň intensiw ösýän we geljegi uly pudagy hökmünde aýratyn üns berýäris" – diýdi.
23.09.2022 19:08
1095
Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine – InnoTrans 2022-ä gatnaşýar.
23.09.2022 06:25
1414
Özbegistan Türkmenistanyň üstünden Hindistana täze ulag geçelgesini çekmegi maksat edinýär diýip, penşenbe güni Podrobno.uz habar berýär.