Samsung

Bildirişler

28.11.2022 21:37
1075
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Aşgabat şäher müdirligi türkmen paýtagtynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirer habar berildi diýip, bu ministrligiň resmi saýty habar berýär.
24.11.2022 05:39
856
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Sanly Bilim” kompaniýasy bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň amala aşyrýandygy barada habar berýär.
14.11.2022 15:25
1394
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirligi dalaşgärler üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirmegi yglan etdi – diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
05.11.2022 01:50
2188
“Bu sarilerde we perdelerde, utanjaň gözleriň gizläp, sen dessine elýetmez hem ýüz esse gizlin bolduň” – meşhur hindi ýazyjysy we şahyry Rabindranat Tagoryň bu şygyr setirleri “Hindi sarisini geýinmek” atly owadan bäsleşigiň baş mazmuny bolup biler. Bäsleşige gatnaşmaga gyzlar çagyrylýar.
05.11.2022 00:13
927
Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Jemgyýetler Müdirligi (YTB) tarapyndan jemgyýetçilik, medeni we bilim taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar ýakyn geografiýada ýerleşýän garyndaş halklardaky adam kapitalynyň ösdürülmegine gönükdirilen.
13.10.2022 22:50
1103
2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda, ABŞ-nyň Aşgabatdaky Puşkin köçesindäki ilçihanasy 9-njy binada auksion geçirýär. Söwda sagat 09:00-da başlar we 12:00-dan öň tamamlanar.
04.10.2022 18:44
3115
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty 24-nji oktýabrda bellenilýän BMG-niň gününiň öňüsyrasynda, talyplaryň arasynda “BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy” diýen tema boýunça esse döretmäge bäsleşik yglan etdi.
30.09.2022 22:48
1195
1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler, onuň çäginde tomaşaçylar suratkeşlere özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge, görkezilen eserler barada öz garaýyşlaryny beýan etmäge we olary awtorlary bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.
30.09.2022 21:53
1115
1-nji oktýabr - Halkara ýaşulylar gününde “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy “Ýaşym – meniň baýlygym” atly fotosurat sergisini we başy çalaran adamlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda “Breýn ring”, ýagny akyl ýaryşyny geçirer.
30.09.2022 19:50
1433
Aşgabat şäheriniň we Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde 10 oktýabrda S.Türkmenbaşy köçesiniň ugrunda ýerleşýän TSTB-niň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigini habar berdi.