Wakalar
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "SN-600" markaly esas ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn alyndy
17.12.2024
|09:35
|196
16-njy dekabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri satyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
17.12.2024
|02:15
|187
16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Itochu Corporation”-iň ýolbaşçysyny kabul etdi
17.12.2024
|01:50
|162
16-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Itochu Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystandaky bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy
16.12.2024
|16:25
|217
15-nji dekabrda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekilleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýany bilen gitdiler
Aşgabatda “Iran AgroFood” atly eýran önümleriniň sergisi başlandy
16.12.2024
|16:00
|159
16-njy dekabrda, Aşgabatda “Iran AgroFood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen eýran önümleriniň sergisi, şeýle hem türkmen-eýran işewürlik forumy öz işine başlady. Çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, 18-nji dekabra çenli dowam eder.
Parižde "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty geçirildi
16.12.2024
|15:12
|133
Türkmen wekiliýeti "Tekstologiýada dünýä kartasynyñ şekillendirilmegi: "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygyna" ("Türki dilleriñ sözlügi") atly halkara maslahatyna gatnaşdy.
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 13 geleşik baglaşyldy
16.12.2024
|10:00
|123
Geçen hepde Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda 13 geleşik hasaba alyndy.
Fransua Baýru Fransiýanyñ täze premýer-ministri hökmünde bellendi
14.12.2024
|11:59
|191
Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron Fransua Baýruny ýurduñ täze premýer-ministri wezipesine belledi. Bu barada Ýeliseý köşgünde habar berdiler.
Türkmenistan saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 11-nji täzeden gözden geçirişini ulanar
14.12.2024
|09:55
|260
Türkmenistanyñ wekiliýeti saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 11-nji täzeden gözden geçirişini (МКБ-11) ulanmak boýunça okuwlara gatnaşdy.
Türkmenistanyñ Döwlet gullugy akademiýasynyñ diñleýjileri adam serişdesini dolandyrmak boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
14.12.2024
|09:45
|291
2024-nji ýylyñ oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ diñleýjileri Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ we Türkiýe Respublikasynyñ Prezidentiniñ Adam serişdeleri edarasynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamany durmuşa geçirmegiñ çäklerinde adam serişdesini dolandyrmak boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler.