Biznes habarlary

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi
16.03.2023
|18:37
|1109
2023-nji ýylyň 16-njy martynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary (YYO) özara ykrar etmek meselesi boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Fransuz senagatçylarynyň wekiliýeti Aşgabatda gepleşikleri geçirýär
16.03.2023
|16:28
|1166
Aşgabatda türkmen-fransuz işewürlik-forumy geçýär, oňa gatnaşmak üçin MEDEF International telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi.

«Halkbank» TPJB milli programma önümlerine we enjamlara karz berýär
16.03.2023
|15:29
|1239
Türkmenistanyň paýdarlar täjirçilik banky «Halkbank» milli programma önümleriniň işlenip düzülmegi we enjamlaryň önümçiligi, şeýle hem olary türkmen kompaniýalaryndan satyn almak üçin karzlary berýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eksport harytlaryny resmileşdirmek düzgünleriniň ýönekeýleşdirilendigini gürrüň berdiler
16.03.2023
|12:29
|1014
Eksporta ugradylýan harytlary resmileşdirmekde gümrük düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi we eksporta goldaw bermek Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleriniň ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşygynyň esasy temasy boldy. Bu barada gümrük edarasynyň saýty habar berýär.

Aşgabatda Türkmen-Tatarystan biznes-forumy geçirilýär
15.03.2023
|10:11
|783
Aşgabatda Türkmen-Tatarystan biznes-forumy açyldy. Işewürlik çäresi «Ýyldyz» myhmanhanasynyňmaslahatlar zalynda geçýär. Duşuşygyň esasy ünsi Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine,senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.

Tytuş Mary welaýaty boýunça iri gurluşyk işleri ýaýbaňlanar
14.03.2023
|18:19
|6202
Mary welaýatynyň häkimligi durmuş maksatlary üçin infrastrukturanyň gurluşygy, taslamalaşdyrylmagy we gurnama işlerini alyp barmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

ÝTÖB türkmen telekeçi-zenanlary üçin kouçing elementleri bolan taslamany üstünlikli geçirdi
13.03.2023
|17:33
|1239
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda zenan-telekeçilere işewürligi «elden» dolandyrmak kadasyndan ulgamlaýyn dolandyrmaga geçmäge kömek etmeklige niýetlenen ilkinji kouçing (tälimçilik) düzüm bölegi bolan üç aýlyk taslamany geçirdi.

Türkmen wekiliýeti Dubaýda e-commerce boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy
13.03.2023
|16:26
|689
Türkmenistandan wekiliýet «Merkezi Aziýada elektron täjirçiligiň mümkinçiliginden peýdalanmak» atly Dubaýda geçen sebitleýin maslahata gatnaşdy.

TSTB-niň agzalary 2008-nji ýyldan bäri senagat önümçiligini 82 esse artdyrdylar
13.03.2023
|16:09
|945
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary senagat önümçiliginiň öndürilişini 2008-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 82,2 esse artdyrdylar. TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew Birleşmäniň döredilmeginiň 15 ýyllyk ýubileýi mynasybetli «Rysgal» gazetine beren interwýusynda şunuň ýaly maglumatlary getirýär.

Aşgabadyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda 2 müň öýli 50-ä golaý jaý gurlar
13.03.2023
|15:14
|4350
Paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda täze dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 46-syny gurarlar, olaryň 16-sy 68 öýli, 30 jaýyň hersinde bolsa 40 öý bolar. Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý toplumynda 2,2 müňden gowrak täze öýler peýda bolar.