Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary 22 müň tonnadan gowrak ýeralmany ýygnadylar
22.07.2025 | 11:12 |Balkan welaýatynyň merdana daýhanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň giňden bellenýän ýylynda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu bolsa daýhan azabynyň ýerine düşendiginiň aýdyň kepilidir.
Munuň üçin daýhanlar möwsümleýin işleri gadymdan gelýän ekerançylyk ýörelgelerini häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp, ylmy esasda ýola goýdular. Häzirki wagtda welaýatyň degişli etraplarynda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň bitginli hasylyny ýygnamak işleri doly tamamlandy.
Ýer eýeleri hasyl ýygnamakda ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalandylar. Şunda Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplarynyň daýhanlary göreldeli zähmet çekdiler. Netijede, olar welaýatda bu babatdaky meýilnamanyň berjaý edilmegine saldamly goşant goşdular. Şeýlelikde, welaýat boýunça 1 müň 600 gektara ekilen ýazlyk ýeralmadan 22 müň 411 tonna hasyl alnyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.
Ýeri gelende aýtsak, şu günler oba hojalykçylar hasyldan boşan ýerlerde sürüm işlerini geçirip, güýzlük ýeralmanyň ekişine taýýarlyk görýärler.
ORIENT news