Daşoguzda döwrebap pagta çigidini gaýtadan işleýän zawodyň gurulmagy meýilleşdirilýär
22.07.2025 | 10:42 |Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýyllyk kuwwatlylygy 60 müň tonna bolan täze ýokary tehnologiýaly pagta çigidini gaýtadan işleýän zawody gurlar. Munuň bilen bagly halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi yglan etdi.
Guruljak kärhana halkara hil standartlaryna laýyk gelýän pagtadan alnan ýag önümçiligine ýöriteleşer. Täze zawod oba hojalyk çig malyny düýpli gaýtadan işlemegiň ulgamynda möhüm baglanyşyk bolup, sebitde senagat infrastrukturasynyň ösdürilmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Halkara bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar resmi bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär. Tehniki wezipelerini we arza formasyny Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden aşakdaky salgy boýunça alyp bolýar: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 92-nji jaý, B-328 otag.
Goşmaça maglumatlary aşakdaky telefon belgileri arkaly alyp bolýar: (+993 12) 44-75-49, 44-75-15.
ORIENT news