2025-nji ýylyň sentýabryndan başlap Özbegistanda Ai-80 kysymly benziniň öndürilmegi bes ediler
22.07.2025 | 11:38 |“Uzbekneftegaz” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap Ai-80 kysymly awtoulag benziniň önümçiligini doly bes etmegi meýilleşdirýär.
Kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli ammarlarynda saklanýan Ai-80 benziniň ätiýaçlyklaryny doly peýdalanyp, 2026-njy ýyldan başlap diňe ýokary oktanly ýangyçlaryň satuwyna geçmegi göz öňünde tutýar.
Özbegistanda bu görnüşli ýangyçdan tapgyrlaýyn el çekiljekdigi barada 2024-nji ýylyň başynda Energetika ministrligi tarapyndan habar berlipdi.
Ministrligiň bellemegine görä, Ai-80 kysymly benzin eýýäm köp ýurtlarda gadagan edilip, hatda nebit önümlerini dolulygyna import edýän Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly döwletlerde-de ulanyşdan aýryldy.