Türkmenistanda 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsüminiň maglumat saýty işe girizildi
22.07.2025 | 11:35 |Türkmenistanda ilkinji gezek ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümini beýan etmek üçin döredilen interaktiw onlaýn platforma — dalasgar.bilim.tm — işläp başlady. Saýt Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzüldi.
Täze maglumat portaly gündelik täzelenýär we ýokary okuw mekdeplerine hem-de hünär ugurlaryna resminamalaryň tabşyrylmagy baradaky häzirki maglumatlary berýär. Saýtda aşakdaky maglumatlary tapyp bolýar:
Her bir ýokary okuw mekdebine we hünäre näçe arzanyň tabşyrylandygyny;
Resminamalaryň haýsy welaýatlardan we haýsy möçberde gelýändigini;
Haýsy ýerde bäsdeşligiň ýokarydygyny we haýsy ýerde dalaşgärleriň girmegine mümkinçilikleriň köpdügini.
Platforma kabul ediş möwsüminiň gidişine hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär, bu bolsa dalaşgärlere okuwa girmäge taýýarlyk görmekde we geljekki hünärini saýlamakda oýlanyşykly karar kabul etmäge kömek edýär.
Bu sahypanyň döredilmegi kabul ediş prosesiniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga we ýaşlara bilim ýoluny saýlamakda goldaw bermäge gönükdirilendir.
ORIENT news