Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary daşary söwda statistikasy boýunça maglumatlary deňeşdirdiler
29.09.2025 | 13:25 |Ürgençde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň hünärmenleriniň iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň gümrük statistikasy bölüminiň müdiriniň ýolbaşçylyk eden saparynyň maksady iki ýurduň arasyndaky daşary söwda maglumatlaryny deňeşdirme derňewini geçirmekden ybarat boldy.
Çäre, iki döwletiň gümrük gulluklary tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda Daşkentde gol çekilen, özara söwdada harytlaryň hereketi barada maglumat alyşmak hakyndaky Teswirnama esasynda gurnaldy. Import we eksport boýunça dürli haryt toparlarynyň maglumatlaryny deňeşdirmek hasap ýazgylarynda ýüze çykyp biljek tapawutlary anyklamaga we bahalandyrmaga mümkinçilik berdi.
Işiň netijesinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda boýunça özara ylalaşylan we ygtybarly statistiki maglumatlar toplumy düzülip taýýarlanyldy. Maglumat alyşmak we deňeşdirmek guraly daşary söwda amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrýar, harytlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni alýar we makroykdysady görkezijileriň takyklygyny üpjün edýär, şeýle-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär.
Gümrük edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny gönüden-göni pugtalandyrýar we sebitdäki söwda akymlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
ORIENT