Iň täze habarlar

Mary welaýatyň çagalar baglarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi

22.09.2025 | 16:00 |
 Mary welaýatyň çagalar baglarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi

16-njy sentýabrda Mary şäherindäki 49-njy çagalar bagynda «Ýaşyl yşyk» atly bäsleşigiň sebitleýin tapgyry geçirildi. Çäre, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýol howpsuzlygy – durmuşymyzyň rahatlygy» atly däp bolan aýlyk çäreleriň çäginde guraldy.

Bäsleşigiň esasy maksady – çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, şeýle hem olary irki ýaşdan ýol hereketiniň düzgünlerine öwretmekden ybaratdyr. Çäre, bu ugurdaky iň gowy sebitleýin tejribäni ýüze çykarmaga we wagyz etmäge hem gönükdirildi.

Bäsleşigiň çäginde aşakdakylara baha berildi:

• Okuw-usuly serişdelerine we maketlere.

• Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleriň foto- we wideoýygyndylaryna.

• Bäsleşikleriň we oýunlaryň ýazgylaryna.

• KHBS-de çap edilen makalalara.

1

Terbiýeçiler çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini, ýol belgilerini we ulaglaryň görnüşlerini öwretmekde öz usullaryny görkezdi.

Mary welaýatyň guramaçylyk komiteti tarapyndan geçirilen bäsleşigiň netijelerine görä, baş baýrak aşakdaky çagalar baglaryna berildi:

Baş baýrak – Türkmengala etrabynyň 9-njy çagalar bagy.

1-nji orun – Mary şäherindäki 21-nji çagalar bagy.

2-nji orun – Murgap etrabynyň 1-nji çagalar bagy.

3-nji orun – Ýolöten etrabynyň 12-nji çagalar baglary.

Ýeňijiler Mary welaýatynyň Baş bilim müdirligi tarapyndan diplomlar bilen sylaglandy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: